20-nji fewralda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler
maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen duşuşyk
geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag we kommunikasiýa,
senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda türkmen-katar
hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi bellenildi. Aýratyn-da, maýa goýum ugry boýunça
hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy
bellenildi. Ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň geljegi has uly
ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamyň däp
bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy
nygtaldy.