Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin gelen
Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy.
Professor-lukmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda lukmançylygyň dürli
pudaklarynda bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesi, saglygy goraýyş ugry
boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Lukman
Arkadagymyz maksada gönükdirilen tagallalaryň we oýlanyşykly strategiýanyň
netijesinde Türkmenistanyň bu möhüm ulgamda uly üstünlikleri gazanýandygyny
belledi. Şunda germaniýaly lukmanlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň özara
tejribe alyşmakda we lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň özleşdirilmeginde
ähmiýetlidigi barada aýdyldy.
Germaniýaly
professor lukmanlar Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny, lukmançylyk edaralarynyň
enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk
gelýändigini bellediler. Bu bolsa ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň
hiliniň ýokary bolmagyny we olaryň görnüşleriniň yzygiderli artmagyny şertlendirýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli
düzümleriniň işini düýpli kämilleşdirmäge, ugurdaş ylymlaryň ösdürilmegine,
ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna, öňdebaryjy lukmançylyk
tehnologiýalarynyň özleşdirilmegine, daşary ýurtly kärdeşler bilen
hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda germaniýaly
lukmanlaryň hyzmatynyň ýokarydygyny belläp, Milli Liderimiz olara alyp barýan
işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Gahryman
Arkadagymyz Germaniýanyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň türkmen
lukmanlarynyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup durýandygyny belläp, bu
gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna kanagatlanma bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda Germaniýanyň bu ugur boýunça oňyn tejribe toplan professor-lukmanlary
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga
döredilen mümkinçilik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdiler we saglygy
goraýyş ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýän ýurdy bilen gatnaşyklary
mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny nygtadylar.
Lukman
Arkadagymyz germaniýaly tejribeli lukmanlara ýurdumyzda geçirilýän dabaralara
işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we alyp barýan işlerinde
mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.