milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
23.02.2023 336 Habarlar

22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barýan ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny saklamak hem-de olara goldaw bermek işinde BMG-niň ygtybarly we strategik hyzmatdaşyna öwrülendigi nygtaldy. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä giňişliginde parahatçylygyň, halkara derejedäki durnukly ösüşiň berkidilmegine mynasyp goşant goşýan döwlet hökmünde ykrar edildi. Häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň hem-de wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda wajyp orny eýeleýän ýurdumyz bu ugurda anyk işleri amala aşyrýar. Şeýle hem Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary ahlak ýörelgelerine doly laýyk gelýär.

Söhbetdeşler döredilen pursadyndan bäri geçen döwürde sebit merkeziniň BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, halkara parahatçylyk gün tertibini ilerletmekde baglanyşdyrýan netijeli meýdança hökmünde özüni görkezendigini bellediler. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde, hususan-da, BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny ornaşdyrmakda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Häzirki döwrüň howplaryny hem-de wehimlerini, hususan-da, pandemiýany we onuň durmuş-ykdysady täsirlerini ýeňip geçmek hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.