Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli
tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Birleşen
Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn ähmiýet berilýär.
Ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen maksatlara ýetmek üçin bu
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynanýaryn» diýlip, gutlag
hatynda bellenilýär.
Şu
ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretary
Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli
halkara işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.