3-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen
Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň
arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar iki ýurduň
arasynda barha ösdürilýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini
kanagatlanma bilen belläp, syýasy ulgamda strategik hyzmatdaşlygyň durnukly
häsiýetini aýratyn nygtadylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iki döwletiň arasynda işjeň
ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady
ulgamdaky gatnaşyklar barada aýtmak bilen, häzirki wagtda Türkiýäniň işewür
toparlarynyň wekilleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda
netijeli işleýändiklerini belledi. Haryt dolanyşygynyň möçberi ýyl-ýyldan
artýar. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri
bolup durýar. Halk Maslahatynyň Başlygy şular barada aýtmak bilen,
ykdysadyýetiň energetika, ulag we kommunikasiýalar, maýa goýumlar, söwda, oba
hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagaty ýaly
pudaklarynda we beýleki ugurlarda anyk taslamalary durmuşa geçirmegi teklip
etdi.