16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam
Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm
ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, howa ulaglary tehnikalaryny we ýük awtoulaglaryny ibermekde taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki üstünlikli işler hem-de bu ugurda uly kuwwatyň bardygy bellenildi.
Ýurdumyzda we Tatarystanda dürli derejede guralýan yzygiderli saparlar, wekiliýetleriň alşylmagy hem-de dürli çärelere gatnaşylmagy özara hereketleriň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik bolup hyzmat edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 18-19-njy maýda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygy bellenildi.
Mundan başga-da, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işiniň üstünlikli alnyp barylýandygy nygtaldy. Onuň sekizinji mejlisi şu ýylyň martynda Aşgabatda geçirilip, onuň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Taraplaryň pikirine görä, medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym-bilim ugurlarynda gatnaşyklar türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dürli ugurlardaky özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini aýtdylar.