7-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon
arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar okgunly
ösdürilýär, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda
hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady,
ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işiniň
işjeňleşýändigi bellenildi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk
meseleleriniň ähli ugurlary boýunça tagallalar utgaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda,
Özbegistan Respublikasyna muzdsuz suwuklandyrylan gazyň iberilmegi, şeýle-de
ýurdumyza Özbegistanda öndürilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy
taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn
pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara we sebitara
gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Şol gatnaşyklar
türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.