6-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag
şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak
boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary N.Amannepesow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gatnaşdylar.
Iş maslahatynyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň
hasabatlary diňlenildi we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde sazlaşykly işleriň alnyp
barylmalydygyny belledi. Munuň özi halkymyzyň saglygyny goramak bilen bir
hatarda, ekologik ýagdaýy esasy ugur edinýän asylly maksatlaryň üstünlikli
durmuşa geçirilmegini şertlendirer. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň
ähli pudaklarynda, şäherlerde we obalarda, şol sanda Arkadag şäherinde alnyp
barylýan işleriň baş maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden,
ýurdumyzyň abadançylygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa «Döwlet adam
üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň ilatyň saglygynyň
goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilýändigini görkezýär.
Milli
Liderimiz şu günki iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere ýene bir gezek
ünsi çekip, geljekde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat maksatly
desgalary gurmak we olarda ýokary derejeli önümçiligi ýola goýmak bilen bagly
işleri düýpli seljerip, bu ugurda özara maslahatlaşyp, anyk çözgütlere
gelinmelidigini, her bir işe oýlanyşykly çemeleşilmelidigini nygtady. Hormatly
Arkadagymyz degişli işleriň geçirilmeginiň netijesinde, halkara bäsleşigiň
yglan edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de bu işleri hemişe üns
merkezinde saklamagyň wajypdygyna aýratyn ähmiýet berdi.