Düýn – 2-nji dekabrda Türkmen
halkynyň Milli Lideri paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy we
ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna geldi.
Şu ýylyň ahyrynda
Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Gahryman Arkadagymyz bu
serginiň milli we döwrebap äheňde bolmalydygyny, hususan-da, bezeg hem-de
dizaýn işlerine, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine möhüm ähmiýet berilmelidigini
nygtady. Şunda sanly tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, sanly
ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleriň işläp
taýýarlamalary şöhlelendirilmelidir diýip, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Iş
maslahatynyň barşynda degişli ýolbaşçylar şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň
durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar, olaryň dürli ulgamlarda gazanan
üstünlikleri, ýaşlary sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada
hasabatlary berdiler.
Bellenilişi ýaly,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň has-da
dabaralanýan ýyly boldy. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary
ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň ders
olimpiadalarynda, talyplaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, ykdysadyýetiň
dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan
ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener.