Düýn – 11-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary
welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.
Welaýatyň
häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça
orunbasarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda sebiti
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de onuň oba hojalyk pudagyna häzirki
zamanyň ösen tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman
Arkadagymyz iş maslahatynyň dowamynda welaýatyň häkiminiň orunbasaryna
ýüzlenip, häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin ähmiýetli
bolan çäreleriň yzygiderli guralmagy babatda degerli maslahatlaryny aýtdy.
Mary welaýatynyň ýolbaşçylary öz aralaryna gelip, gymmatly maslahatlaryny we öwüt-ündewlerini berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar döwlet tarapyndan berilýän goldawlardan netijeli peýdalanyp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.