25-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly
Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny
amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän
binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň
çyzgylary bilen tanyşdy.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet
komitetiniň başlygy D.Orazow gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary
we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, binalaryň özboluşly aýratynlyklary,
gurluşykda ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiýalar barada giňişleýin
maglumat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalarynyň açylyş
dabarasyna uly jogapkärçilik bilen çemeleşilmelidigini nygtady hem-de
dabaralarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent
maksatlarynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň ösüşleriň täze
belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.