5-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň
paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi hem-de
bu ýerde merkeze täze gelip gowşan sport ulagyny synagdan geçirdi.
Soňky ýyllarda hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly
Serdarymyzyň yzygiderli üns bermegi esasynda awtomobil sporty hemmetaraplaýyn
ösdürilýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenler üçin halkara
derejeli mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, awtomobil sporty boýunça dünýä
ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklere türkmen türgenleri işjeň
gatnaşýarlar.
Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýylda Kazan —
Aşgabat ugry boýunça “Ýüpek ýoly — 2009” atly halkara awtorallisi geçirildi.
Türkmen türgenleri birnäçe halkara ýaryşlara gatnaşdylar we ýokary netijeleri
gazandylar. Mundan başga-da, şu ýylyň 6 — 15-nji iýuly aralygynda Kazan —
Moskwa ugry boýunça “Ýüpek ýoly — 2023” atly halkara awtorallisi geçiriler.
Hormatly Arkadagymyz merkeziň ygtyýaryna gelip
gowşan täze sport ulagynyň ähli görkezijilerine ýokary baha berdi we türkmen
türgenlerine öňde boljak jogapkärli hem-de abraýly halkara ýaryşlarda täze
üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.