milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
06.03.2023 381 Habarlar

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, bu ýerde görkezilen birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, oňa birnäçe teklipleri aýtdy we bu künjegiň şäher ilatynyň hem-de döredijilik işgärleriniň söýgüli ýerine öwrülmelidigini belledi. Şunda toplumyň çäginde söwda hyzmatlaryny ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, taslama laýyklykda, bu awtomobil ýoly köpzolakly bolup, olaryň çäklerinde degişli gözegçilik enjamlary, häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrylar. Şunda ýolagçylar we sürüjiler üçin amatly şertleriň döredilmegine, tehniki hyzmatlar ulgamynyň işine möhüm ähmiýet berler.

Işewür hormatly Arkadagymyza bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.