18-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly
Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine amala
aşyran iş saparynyň dowamynda sebitiň täze merkeziniň ikinji tapgyrynda
gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň
ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda guruljak
binalaryň şekil taslamalarynyň tanyşdyrylyşyna Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Ahal
welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag
şäheriniň häkimi gatnaşdylar.
Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720
orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň
9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň
häkimliginiň edara binalary, muzeý, «Saglyk» seýilgähi, söwda we hyzmat ediş
toplumy, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli,
5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň
24-si, her biri 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si, Arkadag şäheriniň
demir ýol menzili, şäheriň awtotoplumy we bellige alyş bölümi, Ahal welaýatynyň
awtomenzili bina ediler.