milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
11.12.2023 504 Habarlar

Düýn – 10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman megapolisi bolan Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda golaýda ýurdumyza hoş habarlaryň gelip gowşandygyny uly buýsanç bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz üçin guwançly hoş habarlary ýetirendigi barada aýdyp, hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen gutlandygyny nygtady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ýurdumyz bu düzümiň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalyga saýlanyldy.