Hormatly
Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary
nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň fewral
aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ýurdumyzdan 2000 tonna
möçberdäki suwuklandyrylan gazy ynsanperwerlik kömegi hökmünde Gyrgyz
Respublikasyna ugradyldy.
Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerine we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ata Watanymyzdan hyzmatdaş ýurda ugradylan ynsanperwerlik ýüki hökmündäki suwuklandyrylan gaz gyrgyz halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna goldaw bermek ugrunda edilýän tagallalara türkmen halkynyň özboluşly goşandydyr.