Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet
Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda
boldy. Saparyň çäklerinde türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de
netijeli ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen duşuşyklar
geçirildi. Olarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, özara tejribe
alyşmagyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Gahryman
Arkadagymyz saparyň dowamynda Germaniýanyň Atçylyk toplumynda bolup, onda
idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy we ýurdumyzda şöhraty
dünýä dolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň milli
usullary barada gürrüň berdi. Şunda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň,
atçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere üns
berildi.
Soňra toplumyň dolandyryjysynyň orunbasary belent mertebeli myhmana bu ýerde idedilýän atlaryň german tohumyna degişlidigini aýdyp, olaryň saklanyş ýagdaýy we atçylyk pudagyna degişli hünärmenleriň bu ugurdan alyp barýan ylmy işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem ol atlara aýratyn sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Liderini german topragynda görýändigine örän şatdygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz toplumyň athanalaryny synlady we bu ýerde bedewlere ideg etmek üçin döredilen şertler, atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hünärmenler german tohumyndaky bedewleriň özboluşly aýratynlyklarynyň bardygyny, olaryň häsiýetleriniň tapawutly taraplary barada gürrüň berdiler. Bedewlerde ynsan tebigatyna meňzeş ýakynlyk bar. Bu bolsa hünärmenleriň atlar bilen gatnaşygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.