8-nji iýunda türkmen-eýran serhedindiň
çägindäki «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň
üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre
Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy we dabaraly ýagdaýda
geçirildi.
Bu ajaýyp
çäre mynasybetli günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam
Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilleriniň wideokonferensiýa görnüşindäki
duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik
ministri, şeýle-de Ahal welaýatynyň häkimi ýolbaşçylyk etdiler. Eýranyň
wekiliýetine Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri,
Horasan-e Razawi welaýatynyň häkimi ýolbaşçylyk etdiler.
Türkmen-eýran
gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy nukdaýnazaryndan täze
awtomobil köprüsiniň açylmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar
söwda-ykdysady, ulag we beýleki möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň
zerurlygyny nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ulag ýollarynyň açylmagynyň
häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedigini, şunuň ýaly hereketleriň iki ýurduň
degişli pudak edaralarynyň sazlaşykly işleriniň netijesi bolup durýandygyny
belläp geçdiler.