Düýn – 25-nji aprelde Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik
sungaty» atly XVI halkara ylmy maslahat geçirildi. Däbe öwrülen forum
ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen
bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan esasy çäreleriň üstüni ýetirdi.
Çykyşlarda ahalteke atlarynyň
dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak işinde türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigi aýratyn bellenildi. Gahryman
Arkadagymyzyň tagallalary bilen milli atçylyk sungatymyz ýurdumyzyň durmuşynda
mynasyp derejä eýe boldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylynda geçirilýän bu maslahatyň ýurdumyzyň atçylyk pudagynda ýeten
sepgitleri we gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrmakda, daşary ýurtly
kärdeşler, ýagny atçylyk assosiasiýalary we pudaklaýyn guramalar, şol sanda
hususy atçylyk zawodlary bilen tejribe alyşmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy
giňeltmekde uly ähmiýeti bardyr.
Halkara maslahata gatnaşyjylar çäräniň
ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.