Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler
ministri Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet
ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda
taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara gürrüňdeşlik etmek
bilen, onuň ulgamlaýyn esasda şeýle hem, yzygiderli ösüşlere eýe bolýandygyny
bellediler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň energetika ugry boýunça ösdürilmeginiň
ähmiýeti, halkara bazaryna energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak
aýratyn bellenildi.