«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»
diýlip yglan edilen şu ýylyň arheologik barlaglarynyň ýazky möwsümi milli
taryhymyzyň üsti açylmadyk sahypalaryny öwrenmek, halkymyzyň medeniýetini
ösdürmek babatda örän netijeli boldy. Şol döwürde gadymy binagärligiň täsin
desgalarynda dikeldiş işleri hem geçirildi.
Geçen möwsümde «Beýik Ýüpek ýolunyň
ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 —
2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy
esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda,
türkmen alymlary we hünärmenleri tarapyndan Ahal welaýatynyň çägindäki orta
asyr Abiwerd galasynda işler dowam etdirildi.
Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň
beýleki bir sebitinde, Balkan welaýatynyň çägindäki orta asyr Dehistanyň Juma
metjidiniň peştagyny rejelemek işleri tamamlandy. Bu metjit ХIII asyryň başlarynda iň soňky
Horezm şasy Muhammet II tarapyndan gurdurylypdyr.
Şeýle hem Daşoguz welaýatynda
ýerleşýän Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň düzümine girýän «Kerwensaraý» ady
bilen tanalýan ýadygärlikde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Geçirilen işleriň netijesinde orta asyr desgasynyň XIV asyryň ahyrlarynda
ýumrulan diwarlarynyň ýüzi ajaýyp oýma nagyşly plitkalary bilen bezelen uly
göwrümli bölekleriniň üsti açyldy.