milli goshun logo
Türkmen alabaýy – milli gymmatlyklarymyzyň seresi
Türkmen alabaýy – milli gymmatlyklarymyzyň seresi
24.05.2019 6968 Habarlar

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hal­ky­myzyň asyr­la­ryň dowamynda dö­re­dip, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de üýtgewsiz yk­rar­na­ma eýe bo­lan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­na be­lent sar­pa go­ýul­ýar. Bu bolsa bi­ziň her bi­ri­miz­de çäk­siz buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Şeý­le gymmatlyklarymy­zyň sar­pa­sy­nyň gün-gün­den be­len­de gö­te­ril­me­gi ne­sil­le­riň aňyn­da pederleri­mi­ziň irginsiz zäh­me­ti bi­len dö­re­den be­lent iş­le­ri­ne bo­lan çäk­siz hor­ma­tyň artmagy­na ge­tir­ýär. Ýakynda hor­mat­ly Belent Serkerdebaşymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna ba­ryp, ol ýer­de kaddy-ka­ma­ty­na taý ta­pyl­maz ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len didar­laşdy. Bu görnüş bize hakykatdan hem halkymyzyň taryhy ruhuny ýatlatdy. Çünki sähel aňyrrakda ala­ba­ý güjükleri biri-birinden galmajak bolup ylgaşyp ýördi. Hor­mat­ly Belent Serkerdebaşymyzyň na­za­ry top­lu­myň çäginde görküni türk­me­niň te­bi­ga­ty­nyň gö­zel keş­bin­den alan ala­ba­ý güjüklerinde eg­len­di. Biri-birinden öňe geçip, biri-birinden üstün çykjak bolýan güjükleriň hereketinde özboluşly dogumlylyk, gaýduwsyzlygy gören Gahryman Arkadagymyz  güjüjekleri gujagyna (eline) aldy, olary naharlady. Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men ala­ba­ýy maş­ga­la oja­gy­ny, aba­dan­çy­ly­gy sak go­raý­jy­ly­gy, eýesine we­pa­ly­ly­gy, ýan­ber­mez­li­gi bi­len bütin dünýäde belli­dir.

Alabaý – geçmişden şu güne

Alabaý itleri hem gamyşgulak bedewleri ýaly halkymyzyň taryhy dostudyr. Bu hakykaty esaslandyrýan gymmatly maglumatlar ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň birinde itiň mazarlarynyň tapylmagy gadymy türkmen alabaýlaryna goýulan çäksiz sarpanyň nyşanydyr. Alabaýyň adam derejesinde sarpalanmagynyň özi onuň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda aýratyn orun eýeländigi dogrusynda düýpli pikirlenmäge esas berýär. Altyndepeden alabaýlaryň toýundan edilen heýkeli tapyldy. Daňdanakandanda bolsa alabaýyň faýansdan ýasalan heýkeljikleri tapyldy. Geçirilen ylmy derňew ol heýkeljigiň döredilen senesini miladydan ozalky döwre degişlidigini anykladylar. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan it süňkleriniň ölçegleriniň türkmen alabaýlarynyň beden gurluşynyň ölçeglerine laýyk gelmegi bu tohumdaky itleriň örän gadymydygyndan habar berýär.

Halkymyzyň döreden «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümlesinde çuňňur many bar, bu jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagynyň türkmen halkynyň alabaý itlerini saklamagy, olary ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär.

«It – wepa»

Eýesine wepalylygy, garadangaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň ardynjyramasyndan onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Ata-babalarymyz awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmandyrlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary alabaýlary galypdyr. Alabaýlara maşgala howpsuzlygy doly ynanylypdyr. Şeýlelikde, gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri sakçy, garawul hökmünde-de peýdalanylyp gelinýär.

Harby gullukçylaryň ebedi hemrasy

Türkmen alabaýlary häzirki döwürde gorag, sakçy we yzçy itleriň içinde iň öňdäki orunlarda goýulýar. Harby gullukçylaryň hemrasyna öwrülen bu özboluşly türkmen itleriniň söweşjeň häsiýete eýe bolandygyna taryh şaýatdyr. Taryhy maglumatlarda, halk rowaýatlarynda alabaýlaryň merdanalygy, olaryň wepalylygy we islendik çylşyrymly pursatlarynda öz janlaryny orta goýup, adamlary halas etmäge bolan ukyby barada aýdylýar. Biziň häzirki günlerimizde hem ol adat dowam edip gelýär. Watan goramakda türkmeniň alabaý itleriniň abyrsyz goşandy bar. Bu barada hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» eserinde ýörite nygtap hem geçýär. Olaryň ukyp-başarnyklary, esasasam hem, Döwlet serhedini goramakda, jenaýatçylary ele salmakda, şeýle hem neşe serişdelerini, partlaýjy maddalary ýüze çykarmakda peýdalanylýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, ministrligiň Territorial goranyş müdirliginiň düzümlerinde alabaý itleriniň netijeli ulanylýanlygyny hem buýsanç bilen bellemelidiris.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň 1-nji jildinde belleýşi ýaly, uzak menzillere rowan bolan kerwenleri goramakda hem türkmen alabaýynyň aýratyn hyzmaty bolupdyr. Olar bu hyzmaty bilen merdana türkmen gerçeklerinden düzülen kerwen goragçylaryna uly goldaw bolupdyr. Çünki sakçylygy we hüşgärligi bilen tapawutlanan äpet syratly alabaýlar uzak ýollary külterläp gelen kerwenleriň golaýyna ýyrtyjyny-da, ýaman niýetli talaňçyny-da getirmändir.

Ýene-de bir taryhy hakykaty aýratyn bellemek gerek. Türkmen alabaýlary Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hem özleriniň adamyň ygtybarly, wepaly kömekçisidigini kemsiz subut etdiler. Türkmenistandan urşa ýeke bir batyr esgerler däl, eýsem, batyrgaý itlerem ugradylypdy. Dürli tohumdan bolan itleriň 70 müň sanysy şir ýürekli gerçek ýigitler bilen bilelikde Moskwadan Berline çenli söweş ýoluny geçdiler. Beýleki itler bilen bir hatarda türkmen alabaýlary hem ok-däri gatnatmakda bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitirdiler. Olar ýaralanan esgerleri söweş meýdanyndan alyp çykmakda şepagat uýalaryna ýakyndan kömek berdiler. Ozaldan kynçylyklara çydamly, ýowuz çöl şertlerine uýgunlaşan türkmen alabaýlary bu agyr işleri aňryýany bilen ýerine ýetirdiler.

Alabaý itleriniň degişli tälimleri geçensoň, Watan goragynda ulanyp boljak dürli ukyplarynyň ýüze çykýandygyny köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Bu köpekler geljekde Watan goragçylarynyň ýakyn ýardamçylaryna, olaryň wepaly kömekçilerine öwrülerler.

«Milli goşun».