milli goshun logo
Türkmen ahalteke bedewleri üns merkezinde
Türkmen ahalteke bedewleri üns merkezinde
29.06.2024 258 Habarlar

Düýn – 28-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy» diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Arkadag şäheriniň çäginde täze athana toplumynyň gurulmagy, bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hereket etmegi, dünýä derejesinde bina edilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň bolmagy milli atşynaslyk ýörelgeleriniň hemmetaraplaýyn, ylmy esasda ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir.