2024-nji
ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan
edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ)
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde ýaş suratkeşleriň «Türki
dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan» atly halkara bäsleşigi geçirýär.
Bu
bäsleşige gurama agza ýurtlardan 12 – 18 ýaş aralygyndaky ýaş suratkeşler,
ugurdaş mekdepleriň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň çeperçilik
bölümleriniň talyplary gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige diňe bellenen temadan filosofiki pikirleri beýan edýän özboluşly suratlar kabul edilýär. Awtor suratyň ýordumy, ony döretmäge näme ylham berendigi barada kelam agyz söz ýazyp ýa-da goşgy goşup biler. Eseriň ozal neşir edilmedik, köpçülige ýetirilmedik, baýraklar ýa-da beýleki sylaglar bilen sylaglanmadyk awtorlyk işi bolmagy möhümdir.
Bäsleşik iki tapgyrda geçirilýär. Birinji tapgyryň netijeleri 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we TÜRKSOÝ-yň saýtlarynda çap ediler. Ikinji tapgyry 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinden 15-nji maýyna çenli TÜRKSOÝ-yň halkara emin agzalary tarapyndan geçirilýär. Bu tapgyryň netijeleri 2024-nji ýylyň 30-njy maýynda yglan ediler.