Düýn – 12-nji martda
paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň
Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň öňüsyrasynda
Gahryman Arkadagymyz TDG-ä agza döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny
mähirli garşylady.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri bu mejlisiň hem türki döwletleriň arasynda alnyp barylýan
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň
netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam
bildirip, onuň hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly
meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda pikir-garaýyşlary beýan
etmek nukdaýnazardan peýdaly boljakdygyny belledi.
Aksakgallar geňeşiniň
15-nji mejlisiniň dowamynda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali
Ýyldyrym, TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, TDG-niň Aksakgallar
geňeşiniň Gazagystan Respublikasyndan agzasy Ikram Adyrbekow, Gyrgyz
Respublikasyndan agzasy Medetkan Şerimkulow, Özbegistan Respublikasyndan agzasy
Sodikžon Turdiýew, Wengriýadan agzasy Attila Tilki çykyş edip, häzirki döwürde
birek-birege hormat goýmak esasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň barha
artýandygyny nygtadylar.
Mejlisiň jemleri boýunça
Beýanat kabul edildi.