Düýn – 11-nji martda
paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň
Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk
geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler
bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan
köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de
hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar.
15-nji mejlisiň gün tertibine Aksakgallar geňeşiniň we TDG-niň alyp barýan işleri, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işi, utgaşdyrylan tagallalary, geçen ýyl Samarkantda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly möhüm meseleler giriziler.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri pursatdan peýdalanyp, Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň
üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edip, bu babatda türkmen
tarapynyň zerur ähli goldawy berjekdigine duşuşyga gatnaşyjylary ynandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz öz
çykyşynyň dowamynda guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary beýan etdi. Şeýle hem Türki
Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň «Hormatly aksakgaly» diýen adyny
we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi. Şeýle hem Milli Liderimiz geňeşiň alyp
barýan işini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, Türki
Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasynyň döredilmeginiň,
ýagny munuň üçin geljekde ýörite gazetiň ýa-da žurnalyň neşir edilmeginiň,
internet sahypasynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şu gün – 12-nji martda
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler.