Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
türk teleýaýlymyna interwýu berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda
Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistan bilen Türkiýe daşary syýasatda işjeň we
netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, halkara düzümlerde birek-biregi goldaýarlar.
Biziň ýurtlarymyz ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk syýasatynyň ynamly
tarapdarlarydyr. Şeýle syýasaty ýöredip, olar sebit işlerini netijeli ösdürmäge
uly goşant goşýarlar. Häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygy Gündogar –
Günbatar ugry boýunça durnukly energetika we ulag geçelgelerini döretmegiň,
Ýewraziýada täze, netijeli logistika hyzmatdaşlygyny emele getirmegiň möhüm
şerti bolup durýar» diýip belledi.