milli goshun logo
Telekeçilige döwlet goldawy bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň şertidir
Telekeçilige döwlet goldawy bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň şertidir
17.07.2020 820 Habarlar

Ýylyň alty aýynda pudaklaryň işiniň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumyny belläp geçdi.

Telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmäge uly goşant goşýarlar.

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady strategiýasyna laýyklykda, türkmen telekeçilerine milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümçilikde esasy binýat düzüji orun berilýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň geljege, möhüm wezipeleri çözmäge uly meýilnamalary bar. Işlenip düzülen we yzygiderli kämilleşdirilýän döwlet-telekeçilik hyzmatdaşlygynyň gurallary olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm kepili bolup hyzmat edýär.