Düýn – 23-nji martda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa
Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen,
Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna öz
adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan
Podmoskowýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka
zerarly tüýs ýürekden gynanjyny beýan edip, wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we
ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, bu elhenç terrorçylyk
zerarly heläkçilik çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny
ýetirmegi haýyş etdi.
Russiýa Federasiýasynyň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen-rus gatnaşyklarynyň uly ähmiýetini
nygtady we rus tarapynyň iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dostlukly
gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmäge berk ygrarlydygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda Russiýanyň Türkmenistan üçin hemişe goňşy, dostlukly
ýurt, strategik hyzmatdaş bolandygy we şeýle bolmagynda-da galýandygy
bellenildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna Russiýanyň halkyny hemişe
goldaýandygy baradaky sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi.