milli goshun logo
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Telefon arkaly söhbetdeşlik
21.05.2024 193 Habarlar

Düýn – 20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Arkadagymyz Kazan forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, şeýle çäreleriň guralmagynyň Tatarystanyň ösmegine hem-de Russiýa bilen yslam dünýäsini baglanyşdyrýan halka hökmünde ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklary asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň, diliniň, dininiň umumylygyna, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.