Düýn – 10-njy
aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp
Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Telefon arkaly
söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň
Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de häzirki
wagtda türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylýandygyny belledi. Milli Liderimiz ýakynda üçünji Antalýa
diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran
saparynyň çäklerinde geçiren duşuşyklaryny we gepleşiklerini ýakymly duýgular
bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşler
döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, uzak
möhletleýin strategik ýörelgeler esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki doganlyk halkyň
diliniň, medeniýetiniň, ruhy taýdan umumylygynyň bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine
oňyn täsirini ýetirýändigi nygtaldy.
Telefon arkaly
söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, tutan
orazalarynyň, doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, iki
ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw
etdiler.