Düýn – 6-njy fewralda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti
Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň
Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan
Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky
habara duýgudaşlyk bildirdi. Doganlyk ýurda çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde
goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş
işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň we açyklygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygy bellenildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Sadyr Žaparow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.