Düýn – 8-nji aprelde türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa
Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
boldy.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen,
Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny şanly
ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy
mynasybetli gutlady.
Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi
ýaly, Russiýa Türkmenistan üçin hemişe ýakyn goňşy, dostlukly ýurt, strategik
hyzmatdaş bolmagynda galýar.
Iki döwletiň halk häkimiýetiniň ýokary
wekilçilikli edaralarynyň ýolbaşçylary dürli ugurlar boýunça döwletara dialogy
mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekdiler. Şunuň bilen
baglylykda, soňky ýyllarda energetika, söwda, ulag, oba hojalygy ulgamlarynda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä eýe bolýandygy nygtaldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina
Matwiýenkonyň türkmen halkynyň öňden gelýän dosty we Aşgabat şäheriniň hormatly
raýatydygyny aýdyp, Türkmenistana hemişe dostlukly, ynanyşykly gatnaşygy üçin
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.