milli goshun logo
Teatr sungatynyň halkara festiwaly öz işine başlady
Teatr sungatynyň halkara festiwaly öz işine başlady
14.11.2023 281 Habarlar

Şu gün paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan teatr sungatynyň bu uly baýramy Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetlerini özara birleşdirdi. Olar meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň döredijilik toparlary hem-de sahna sungaty boýunça hünärmenler we teatry öwrenijilerdir.

Döredijilik festiwallary we medeni çäreler, şolaryň içinde teatr we kino festiwallary, dünýäniň dürli ýurtlarynyň Medeniýet günleri, halkara sergi-ýarmarkalary we beýlekiler dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň nyşanyna öwrüldi. Bu çäreler medeni gatnaşyklary ösdürmek, halklaryň milli gymmatlyklaryny wagyz etmek we baýlaşdyrmak, özara düşünişmegi pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär. Diňe şeýle çäreleriň netijesinde köpasyrlyk medeniýetara dialogynyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygyny gazanmak mümkindir.