Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Türkiýe Respublikasynyň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy
hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EСO-93 kysymly
awtobenzini satyn aldylar.
Bulardan
başga-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt
puluna nah ýüplük hem-de jins mata satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň
134 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat
serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy
973 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.