Düýn – 5-nji ýanwarda paýtagtymyzyň
Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip
gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň
dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň
satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň
uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek.
«Boeing 777-300ER» uçarlary 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply bolup, olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär. Uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Olar milli awiakompaniýamyza islendik yklyma uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýaşuly nesliň wekilleri howa menziline täze ýolagçy uçarynyň getirilmegi bilen bagly ýagşy däpleri ýerine ýetirdiler. Täze uçar düýn Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy. Iki ýurduň paýtagtlary – Aşgabadyň we Abu-Dabiniň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky ylalaşyk Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda gazanyldy.