Düýn – 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan Magtymguly
Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň
аçylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara
derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň açylyş
dabarasynda eden çykyşynda: «Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen
gözel paýtagtymyzyň täsin tebigatly künjeginde gurlan «Magtymguly Pyragy»
medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy taryhy wakadyr» diýip belleýşi ýaly,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özboluşly many-mazmuna eýe
bolan bu ajaýyp wakanyň şan-şöhraty äleme ýaýrady. Munuň özi Magtymguly
Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş
adamzadyň hem genji-hazynasydygynyň aýdyň güwäsidir.
Beýik akyldaryň berkarar döwlet
baradaky arzuwlary bu günki gün hasyl boldy. Özygtyýarlylyga eýe bolan türkmen
halky häzirki döwürde abadan ýurdumyzda ýaşaýar we döredýär. Türkmenistan
gün-günden kuwwatlanyp, dünýäniň iň abraýly döwletleriniň birine öwrüldi.