Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda açylan desgalaryň ýene biri
Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw
arassalaýjy desgadyr.
Bu desga doly awtomatlaşdyrylandyr.
Merkezde arassalanan agyz suwuny desgadan bellenen möçberde ibermek we
zerurlyga görä, iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütler kabul edilýär. Toplumyň
düzümine girýän barlaghanada suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki
reagentleriň bellenen kadalara laýyklykda taýýarlanylyşyna gözegçilik edilýär.
Bellenilişy ýaly, bu täze desganyň işe girizilmegi ilaty arassa agyz suwy bilen
üpjün etmekde uly ähmiýeti eýe bolar.
Häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda suw hojalygy pudagynyň ösdürilmegine yzygiderli
üns berilýär. Bu pudagyň zähmetkeşleriniň ýokary hilli enjamlar bilen üpjün
edilen döwrebap kärhanalarda işlemekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär.
Täze açylan suw arassalaýjy desga munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.