Şu gün Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň
tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, serkerdeler, çagyryş boýunça harby gullukçylar,
harby talyplar hem-de harby okuwçylar gatnaşdylar.
Dabarada edilen çykyşlarda
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza,
däp-dessurlarymyza, şöhratly taryhymyza hormat-sarpasynyň täze derejä
göterilýändigi, ýurdumyzda taryhy gymmatlyklarymyzyň şanyny äleme ýaýmak, olary
aýawly saklap, geljekki nesillere miras galdyrmak babatda tutumly işleriň
durmuşa geçirilýändigi, bu döwletli başlangyçlarda Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň döredijilik zehininiň ajaýyp miwesi bolan «Änew – müňýyllyklardan
gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň uly ähmiýete eýe boljakdygy buýsanç
bilen bellenildi.
Dünýäniň ekerançylyk medeniýetiniň
mekany bolan Änew şäheriniň gadymylygyndan, beýikliginden, häzirki wagtda
ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak babatda durmuşa
geçirilýän iri möçberli işlerden söz açýan täze kitap bütin halkymyz bilen bir
hatarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň
buýsanjyny artdyrdy. Bu kitap merdana Watan goragçylary, şeýle hem agzybir türkmen halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgatdyr.
Watançy kalplary täze esere bolan çäksiz söýgüden galkynan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň aýdym-saz toparlarynyň aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetiren Watanymyzy, asuda, parahat durmuşymyzy wasp edýän çykyşlary tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar
tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul
edildi.