milli goshun logo
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
02.10.2021 324 Habarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli halkymyza sowgat beren «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, serkerdeler, esgerler, harby talyplar hem-de okuwçylar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamyndaky çykyşlarda täze kitabyň taryhy ähmiýeti, gymmaty hakda giňişleýin gürrüň edildi. Hususan-da, ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlardyr pudaklarynda ýetilen sepgitleriň inçelik bilen yzarlanylandygy, şu jähetden, bu kitabyň ylmy ähmiýetiniň örän ýokarydygy nygtaldy.

Şeýle hem çäräniň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan beýik işlerini, ata Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi dabara aýratyn many çaýdy.

Ýeri gelende bellesek, bu ýerde giň gerimli sergi hem guralypdyr. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy, bagtyýarlyk döwrümiziň taryhy özgertmelerini şöhlelendirýän nakgaşlyk işleri, panno halylary we beýleki gymmatlyklar dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.