Watan goragçylarynyň
güni mynasybetli Diýarymyzyň çar künjeginde dürli maksatly binalar açylyp
ulanmaga berilýär. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Mülkbagşy ýaşaýyş jaý
toplumynda welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärlerine niýetlenen kottej görnüşli
täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy hem hünär baýramçylygyna ajaýyp
sowgat boldy.
Türkmenistanyň Içeri
işler ministrliginiň Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň buýurmasy esasynda bina
edilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň
gurluşykçylaryna ynanyldy. Täze 2 gatly, dört otagly döwrebap kottejleriň giň
hem ýagty otaglarynda ýaşamak, dynç almak üçin ähli şertler döredilipdir.
Öýlerde döwrebap hojalyk harytlarynyň dürli görnüşleri, aşhana mebelleri bolup,
olaryň öz ýurdumyzda öndürilen önümler bolmagy has-da guwandyryjydyr.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabarany welaýatyň meşhur aýdymçylary, bagşy-sazandalary, folklor-tans we döredijilik toparlary şowhunly çykyşlary bilen bezediler. Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden ildeşlerimize süýji arzuwlaryny beýan etdiler. Soňra ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar, ýurt eýelerine bolsa täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.