19.01.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Taryhy-medeni miras – milletiň ruhy baýlygynyň binýady
Taryhy-medeni miras – milletiň ruhy baýlygynyň binýady
14.01.2021 97 Habarlar

Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy- köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen žurnal täze açyşlar hem-de halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri hakynda makalalaryň tapgryny dowam edýär.

Žurnalyň 2020-nji ýyldaky jemleýji sany ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna--taryhy senä bagyşlanyp, geçen ýylyň ähli çäreleri onuň nyşany astynda geçirildi.