Daşary
ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň
telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda
öndürilen uçar kerosinini, gidrousul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, nebit
koksuny satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda
öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzin we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän
zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gaz BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň
işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan
başga-da daşary ýurt puluna Hindistanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň,
Gyrgyzystanyň, Owganystanyň işewürleri nah ýüplügi we tüýjümek önümleriň dürli
görnüşlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 83 million
dollaryndan gowrak boldy.
Hindistanyň,
Türkiýäniň we Gazagystanyň telekeçileri jemi bahasy 15 million manatlykdan
gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň
işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 95 million 880 müň manatlykdan gowrak
pagta übtügini we ulýugyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.