milli goshun logo
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
05.07.2021 587 Habarlar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň we Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de polipropileni, Gonkongyň we Singapuryň telekeçileri bolsa degişlilikde polietileni we tehniki kükürdi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Azerbaýjanyň telekeçilerine tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri hem-de nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 168 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 5 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 50 müň dollaryna deň bolan portland sementini satyn aldylar.