Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat
şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrmagyň barşynda Garagum
derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly
akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi.
Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Garagum
derýasynyň 798-nji kilometrinde ýerleşýän köpriniň üstünde saklandy. Bu ýerde Milli
Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredow, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň
häkimi R.Gandymow, şeýle-de «Altkom» we «Interbudmontaž» kompaniýalarynyň
ýolbaşçylary A.Tislenko hem-de W.Petruk mübäreklediler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki
döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ýerleriň hasyllylygyny
ýokarlandyrmak, topragy gurplandyrmak maksady bilen, suwaryşyň täze usullaryny
giňden ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunda
öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzda ekologik abadançylygy
pugtalandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem Gahryman
Arkadagymyz ýurdumyzyň suw howdanlaryny we akabalaryny göwnejaý ýagdaýda
saklamak, olary arassalamak meselelerine uly üns berilýändigini belläp, bu
meseleleri çözmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ösen tejribelerini
ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.