Düýn – 30-njy aprelde paýtagtymyzdaky
«Arçabil» myhmanhanasynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit
taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýer ýüzüni goramagyň gününe
gabatlanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit
maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň,
Täjigistanyň, Özbegistanyň suw hojalyk düzümleriniň, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag
merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gün tertibine Merkezi Aziýa
ýurtlarynda suw hojalyk özgertmelerini seljermek, suw hojalyk pudagyny
ösdürmegiň strategiýasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID),
Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Birleşen Milletler
Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, bu
işde ulanylýan tehnologiýalary nazara almak esasynda, suw hojalygyndaky sebit
taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmak babatdaky meseleler
girizildi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistan
tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de 19 ýurduň awtordaşlyk etmeginde BMG-niň
Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň
Merkezi Aziýa üçin suw hojalygy pudagynda halkara meýilnamalary durmuşa
geçirmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtadylar.
Günüň ikinji ýarymynda utgaşykly
görnüşde Amyderýa sebitinde çözgütleriň kabul edilmegini goldamak boýunça 3-nji
sebit duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar bilelikdäki çemeleşmeleri ulanmagyň
netijelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.