Düýn – 18-nji maýda
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň
konserti boldy.
Nesilleriň taryhy
dowamaty, halkymyzyň baý ruhy mirasynyň ähmiýeti baýramçylyk maksatnamasynyň
çykyşlarynyň başyny başlan «Oguz hanyň pendi bir beýik taglym, // Parlap duran
ýaşyl tuguňa tagzym!» atly edebi-sazly kompozisiýada aýdyň beýan edildi. Şeýle
belent heňde başlanan konsert meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň,
horeografik-folklor toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki özboluşly çykyşlar bilen
dowam etdi.
Tomaşaçylar
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyna
bagyşlanan «Arkadagly Gahryman Serdar bilen!» atly aýdymy hem-de beýik nusgawy
şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Türkmeniň» atly aýdymy
aýratyn ruhubelentlik bilen garşyladylar. «Monjugatdy», «Mirasyň dürdäneleri»,
«Türkmen toýy» atly çykyşlar milli sungatymyzyň däplerini beýan etdi. Şol
çykyşlar bilen utgaşyklylykda Döwlet tans toparynyň, «Galkynyş», «Näzli»,
«Meňli», «Miras», «Serpaý» toparlarynyň we beýlekileriň çykyşlary ýerine
ýetirildi.
Konsert «Alkyş
Size, Gahryman Arkadagly Serdarymyz!» atly aýdym bilen tamamlandy.