03.12.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Sport we bedenterbiýe endikleri merdana Watan goragçylarymyzyň hemrasydyr
Sport we bedenterbiýe endikleri merdana Watan goragçylarymyzyň hemrasydyr
26.10.2020 192 Sport

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda dürli medeni-köpçülik çäreleri, sport ýaryşlary geçirilýär. Şeýle sport çäreleriniň biri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň sport meýdançasynda giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ýörite meýilnama esasynda guralan sport ýaryşlaryny geçirmegiň baş maksady baky Bitaraplygymyzy dabaralandyrmakdan, harby gullukçylaryň beden taýýarlygynyň we sport ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmakdan, şahsy düzümiň manyly dynç alşyny guramakdan ybaratdyr. Çäräniň dowamynda harby gullukçylar sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler, görkezme çykyşlaryny guradylar. Şeýle-de, sport meýdançasynda Harby institutynyň we «Merkezi goşun» sport klubynyň ähli kuboklary we medallary görkezildi.

Sport çärelerine aýratyn öwüşgin beren zatlaryň biri-de ýaryşlaryň dowamynda aýdym-sazlaryň belentden ýaňlanmagydyr. Owadan sport eginbaşyndaky aýdymçy harby gullukçylar ata Watanymyzy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan parasatly syýasatyny, sporty wasp edýän aýdymlary bilen çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet bagyş etdiler. Mahmal owazly aýdymçy harby gullukçylar baky Bitaraplygymyzy, sporty belentden dabaralandyrdylar.

Watan goragçylary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň: «Biziň üçin iň zerur, iň ajaýyp ýol – halkymyzy baky bagta ýetirýän ýoldur. Sport, sagdynlygam şol ýola ýetmegiň iňňän möhüm ugrudyr» diýýän sözlerini ýörelge edinip, milli Liderimiziň göreldesine eýerip, bedenterbiýäni we sporty öz endiklerine öwürýärler.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».