milli goshun logo
Söwda dolanyşygynyň möçberi 10,1 göterim artdy
Söwda dolanyşygynyň möçberi 10,1 göterim artdy
02.02.2019 688 Habarlar

1-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň möçberi 10,1 göterim artdy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 249 birža söwdasy geçirilip, 26 müň 374 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 23,4 göterim artdy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 48,7 göterim ýokarlandy, girdejiler 54,2 göterim, jemi peýda 107,3 göterim artdy. 2018-nji ýylyň dowamynda sergileriň 24-si we maslahatlaryň 26-sy geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň möçberi 20,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriň möçberi bolsa 21,7 göterim köpeldi.

Telekeçiligi ösdürmekde berilýän goldawyň netijesinde, hususy taraplaryň daşary ýurtlara eksport edýän azyk harytlarynyň umumy möçberi, 2017-nji ýyla garanyňda, 63,8 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň mukdary 57,1 göterim artdy.