Öňdebaryjy
uçarmansyz howa tehnikalaryny öndürýän «Kalaşnikow ZALA AERO» konserni (ZALA
ZONT) emeli hemralardan ugradylan signallary basyp ýatyryjy enjam öndürdi.
Bu
enjam radiusy iki kilometr bolan meýdanda nawigasiýa sistemalarynyň (GPS,
GLONASS, BeiDuo, GALILEO) signallaryny basyp ýatyryp, pyýada goşunlary
dronlaryň hüjüminden goraýar. Şonuň bilen birlikde toparlaryň takyk
koordinatalaryny kesgitleýär hem-de çylşyrymly hereket etmegine ýardam berýär.
Bu
ykjam enjamyň agramy 800 grama barabar. Batareýasynyň, signal kesiji gurluşynyň
we awtomatiki tüpeň ok gabynyň ykjam ölçegi enjamy standart torbalarda
saklamaga mümkinçilik berýär. Enjama 110 ýa-da 120 woltluk elektrik togy bilen
energiýa berip bolýar. Enjam -40 gradusdan +50 gradusa çenli howa şertlerinde işlemäge
ukyplydyr.